Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: « Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.
«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.
«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.
Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi Özümiň we gulum Dawudyň hatyrasy üçin goraryn“».
Işaýa Hizkiýadan: «Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: şu wagt basgançakdaky kölege on basgançak öňe gitsinmi ýa-da on basgançak yza gaýtsynmy?» diýip sorady.
Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.
Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurtdan Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.
Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.
[16-17] Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.
Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.
Hizkiýanyň beýleki işleri, görkezen edermenlikleri, onuň howdan we ýap gazyp, olardan şähere suw getirişi barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.