Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal but üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.
Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.
Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.
Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.
Emma olar muňa gulak asmadylar. Manaşa halky şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem köp pis işleri etdiler.
[10-11] Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: « Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi.
Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar.
Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin.
Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.