Ýoram Ýahuda patyşasy Ýehoşapada habar ýollap, ondan: «Mowap patyşasy maňa garşy uruş turuzdy. Sen meniň bilen Mowabyň garşysyna urşa gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Menem, esgerlerimem, atly goşunymam seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.
Onsoň Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ýoramdan: «Haýsy tarapdan hüjüm edeli?» diýip sorady. Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Edom çölüniň ýoly bilen hüjüm ederis» diýip jogap berdi.
Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady.
Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.
Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.
Elýaşa Ysraýyl patyşasyna şeýle diýdi: «Hyzmat edýän Hökmürowan Rebbimiň adyndan ant içýärin, men Ýahuda patyşasyna sarpa goýýanlygym üçin seniň bilen gepleşýärin, ýogsam men seniň ýüzüňe-de seretmezdim.
Siz mowaplylaryň ähli galalaryny, saýlama galalaryny basyp alyp, ähli miweli agaçlaryny çaparsyňyz, olaryň ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşlardan dolduryp weýran edersiňiz».
Üç patyşanyň özlerine garşy uruşmaga çykanyny eşiden mowaplylar eli ýarag tutan ýaşlaryndan başlap, tä iň garrylaryna çenli baryny ýygnap, olary serhetde nyzama duruzdylar.
Mowaplylar ysraýyllaryň düşelgesine gelende, ysraýyllar aýaga galyp, olaryň garşysyna hüjüme geçdiler. Ysraýyllar mowaplylary yzyna kowup çykardylar. Olar Mowaba çozup girip, urşy ol ýerde hem dowam etdirdiler.
Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirharasediň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler.
Mowap patyşasy duşmanlarynyň özünden üstün çykyp barýanyny görende, ýanyna ýedi ýüz sany gylyçly esger alyp, Edom patyşasynyň goşunlarynyň içinden böwsüp geçmekçi boldy, emma bu başa barmady.
Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nowbahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar.