Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| [1-2] Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer. |
| 2 |
| 3 |
| Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kengan aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürdi. |
| 4 |
| Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy. |
| 5 |
| Peresiň ogullary: Hesron, Hamul. |
| 6 |
| Zeranyň ogullary: Zimri, Eýtan, Heýman, Kalkol, Dara — jemi bäş ogul. |
| 7 |
| Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi. |
| 8 |
| Eýtanyň ogly Azarýa. |
| 9 |
| Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý. |
| 10 |
| Ramdan Eminadap, Eminadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy. |
| 11 |
| [11-12] Nahşondan Salma, Salmadan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý doguldy. |
| 12 |
| 13 |
| [13-16] Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi. |
| 14 |
| 15 |
| 16 |
| 17 |
| Abygaýyldan Emasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Emasanyň kakasydyr. |
| 18 |
| Hesronyň ogly Kalebiň Azuba hem-de Ýerigot atly aýallaryndan birnäçe çagasy boldy. Azubadan bolan ogullar, ine, şulardyr: Ýeşer, Şobap, Ardon. |
| 19 |
| Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy. |
| 20 |
| Hurdan Ury, Urudan Besalel doguldy. |
| 21 |
| Hesron Gilgadyň kakasy Makyryň gyzynyň ýanyna girdi. Hesron oňa öýlenende altmyş ýaşyndady. Ondan Segup doguldy. |
| 22 |
| Segupdan Ýaýyr doguldy. Gilgatda onuň ýigrimi üç galasy bardy. |
| 23 |
| Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile — jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir. |
| 24 |
| Hesron Kalepefratda dünýäden ötdi. Onuň aýaly Abyýa Aşhury dogdy. Aşhur Tekowa galasynyň düýbüni tutdy. |
| 25 |
| Hesronyň nowbahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa. |
| 26 |
| Ýerahmeýeliň Atara atly ýene-de bir aýaly bardy. Ol Onamyň ejesidir. |
| 27 |
| Ýerahmeýeliň nowbahar ogly Ramdan Magas, Ýamyn we Eker doguldy. |
| 28 |
| Onamdan Şammaý hem-de Ýada, Şammaýdan Nadap hem-de Abyşur doguldy. |
| 29 |
| Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ondan Ahban hem-de Molyt doguldy. |
| 30 |
| Nadapdan Selet we Apaýym doguldy. Seletden nesil galmady. |
| 31 |
| Apaýymdan Ýişgi, Ýişgiden Şeşan, Şeşandan Ahlaý doguldy. |
| 32 |
| Şammaýyň inisi Ýadadan Ýeter we Ýonatan doguldy. Ýeterden nesil galmady. |
| 33 |
| Ýonatandan Pelet hem-de Zaza doguldy. Bular Ýerahmeýeliň nesilleridir. |
| 34 |
| Şeşanyň ogly ýokdy, onuň diňe gyzlary bardy; ýöne Şeşanyň Ýarha atly bir müsürli guly bardy. |
| 35 |
| Onsoň Şeşan guly Ýarha gyzyny aýallyga berdi. Onuň gyzyndan Ataý doguldy. |
| 36 |
| Ataýdan Natan, Natandan Zabat, |
| 37 |
| Zabatdan Eplal, Eplaldan Obet, |
| 38 |
| Obetden Ýehu, Ýehudan Azarýa, |
| 39 |
| Azarýadan Heles, Helesden Elgasa, |
| 40 |
| Elgasadan Sismaý, Sismaýdan Şallum, |
| 41 |
| Şallumdan Ýekamýa, Ýekamýadan Elişama doguldy. |
| 42 |
| Ýerahmeýeliň inisi Kalebiň ogullary: nowbahar ogly Meşa; ol Zibiň kakasydyr. Kalebiň ikinji ogly Mareşa; ol Hebronyň kakasydyr. |
| 43 |
| Hebronyň ogullary: Kora, Tapuwa, Rekem we Şema. |
| 44 |
| Şemadan Ýorkagamyň kakasy Raham; Rekemden Şammaý doguldy. |
| 45 |
| Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr. |
| 46 |
| Kalebiň gyrnak aýaly Eýpadan Haran, Mosa we Gazez doguldy. Harandan ogul bolup, oňa Gazez doganynyň adyny dakdy. |
| 47 |
| Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpa we Şagap. |
| 48 |
| Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy. |
| 49 |
| Soňra ondan Şagap bilen Şewa doguldy. Şagap Madmannany esaslandyrypdy, Şewa Makbena bilen Gibgany esaslandyrypdy. Kalebiň hem bir gyzy bardy, onuň ady Aksady. |
| 50 |
| Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy. |
| 51 |
| Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy. |
| 52 |
| Kirýatýegarymy esaslandyran Şobal harowalaryň we manahatlaryň ýarysynyň atasydy. |
| 53 |
| Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan ýytralaryň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky hem şu uruglardan gelip çykypdy. |
| 54 |
| Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy. |
| 55 |
| Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1chronicles/002.mp3
29
2