Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel. |
| 2 |
| Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa; |
| 3 |
| Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam; |
| 4 |
| Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi. Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi. |
| 5 |
| Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar. |
| 6 |
| [6-8] Bulardan soň ýene dokuz ogul doguldy: Ýybhar, Elişama, Elipelet, Noga, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada we Elipelet. |
| 7 |
| 8 |
| 9 |
| Dawudyň şu ogullaryndan başga gyrnaklaryndan bolan ogullary-da bardy. Onuň Tamar diýen gyzy hem bardy. |
| 10 |
| Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, |
| 11 |
| Ýehoşapatdan Ýoram, Ýoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş, |
| 12 |
| Ýogaşdan Amazýa, Amazýadan Uzyýa, Azarýadan Ýotam, |
| 13 |
| Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa, |
| 14 |
| Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. |
| 15 |
| Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum. |
| 16 |
| Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy. |
| 17 |
| [17-18] Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa. |
| 18 |
| 19 |
| Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy. |
| 20 |
| Zerubabylyň beýleki bäş ogly: Haşuba, Ohel, Berekýa, Hasadýa we Ýuşapheset. |
| 21 |
| Hananýanyň ogullary: Pelatýa we Ýeşagýa. Ýeşagýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abadýa, Abadýadan Şekanýa doguldy. |
| 22 |
| Şekanýadan Şemagýa doguldy. Şemagýanyň ogullary: Hatuş, Ýygal, Baryýa, Negarýa we Şapat. Şunlukda, Şekanýanyň bir ogly we bäş agtygy — jemi alty adam boldy. |
| 23 |
| Negarýanyň ogullary: Elýogeýnaý, Hizkiýa we Azrykam. Bular jemi üç oguldylar. |
| 24 |
| Elýogeýnaýyň ogullary: Hodawýa, Elýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Anany. Bular jemi ýedi oguldylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1chronicles/003.mp3
29
3