Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ýahudanyň ogullary: Peres, Hesron, Karmy, Hur we Şobal. |
| 2 |
| Şobalyň ogly Reýaýadan Ýahat, Ýahatdan Ahumaý we Lahat doguldy. Bular Sorgalylaryň uruglarydyr. |
| 3 |
| [3-4] Efratyň nowbahar ogly, Beýtullahamy esaslandyran Huruň ogullary şulardy: Eýtam, Penuwal we Ezer. Eýtamyň ogullary şulardy: Ýizregel, Ýyşma we Ýydbaş. Olaryň aýal doganynyň ady Haslelponydy. Penuwal Gedory esaslandyrypdy, Ezer Huşany esaslandyrypdy. |
| 4 |
| 5 |
| Tekowanyň kakasy Aşhuryň Hela hem-de Nagara atly iki aýaly bardy. |
| 6 |
| Aşhuryň Nagara diýen aýalyndan Ahuzam, Heper, Temeni we Hahaştary doguldy. Bular Nagaranyň ogullarydy. |
| 7 |
| [7-8] Helanyň ogullary: Zeret, Sohar, Etnan we Kos. Kos Anubyň we Hasobebabyň kakasydy. Harumyň ogly Aharheliň nesli-de Kosdan gelip çykandyr. |
| 8 |
| 9 |
| Ýagbes atly adam bardy; ol doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. «Agyry bilen dogurdym» diýip, ejesi onuň adyna Ýagbes dakdy. |
| 10 |
| Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi. |
| 11 |
| Şuhanyň dogany Kelupdan Mehir, Mehirden Eşton doguldy. |
| 12 |
| Eştondan Beýtrapa, Paseýa hem-de Irnahaş galasyny esaslandyran Tehinna doguldy. Bular Rekanyň ilatydy. |
| 13 |
| Kenazyň ogullary: Otniýel, Seraýa. Otnyýeliň ogly: Hatat we Megonotaý. |
| 14 |
| Megonotaýdan Opra doguldy. Seraýa Hünärmentler jülgesini döreden Ýowabyň kakasydy. Köp hünärmentleriň ýaşaýandygy üçin bu ýere şeýle at dakyldy. |
| 15 |
| Ýepunnäniň ogly bolan Kalebiň ogullary: Yru, Ela we Nagam. Eladan Kenaz doguldy. |
| 16 |
| Ýehalleleliň ogullary: Zip, Zipa, Tirýa we Asarel. |
| 17 |
| Ezranyň ogullary: Ýeter, Meret, Eper we Ýalon. Merediň müsürli aýalyndan: Merýem, Şammaý we Eştemowa galasyny esaslandyran Ýyşba doguldy. |
| 18 |
| Merediň müsürli aýaly faraonyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy. |
| 19 |
| Hodyýanyň aýaly bolan Nahamyň aýal doganynyň ogullaryndan garmly Kegila bilen magakatly Eştemowa doguldy. |
| 20 |
| Şimonyň ogullary: Amnon, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet we Benzohet. |
| 21 |
| Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis zygyr mata dokaýanlaryň urugy, |
| 22 |
| Ýokymyň, Kozebanyň adamlary, Ýowaş hem-de Saraf. Olar Mowap bilen Ýaşubleheme häkim boldular. Bular gadymy wakalardyr. |
| 23 |
| Bular Netagymyň hem-de Gederanyň ilatlarydy. Olar patyşa küýzegär bolup hyzmat etdiler. |
| 24 |
| Şimgonyň ogullary: Nemuwal, Ýamyn, Ýaryp, Zera, Şawul. |
| 25 |
| Şawuldan Şallum, Şallumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy. |
| 26 |
| Mişmanyň ogullary: Mişmadan Hammuwal, Hammuwaldan Zakur, Zakurdan Şimgi doguldy. |
| 27 |
| Şimginiň on alty ogly, alty gyzy bardy, ýöne onuň doganlarynyň perzendi köp däldi. Şeýdip, Şimginiň nesilleri Ýahudanyňky ýaly köpelmedi. |
| 28 |
| [28-31] Olar Beýerşebada, Moladada, Hasarşugalda, Bilhada, Esemde, Tolatda, Betuwalda, Hormada, Ziklagda, Beýtmarkabotda, Hasarsusymda, Beýtbirgide we Şagaraýymda ýaşadylar. Ine, şular şimgileriň Dawut patyşa bolmazyndan öňki galalarydy. |
| 29 |
| 30 |
| 31 |
| 32 |
| Olaryň obalary: Eýtam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan — jemi bäş gala. |
| 33 |
| Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar. |
| 34 |
| Olaryň urugbaşylary şulardy: Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşa, |
| 35 |
| Ýowel, Asyýeliň çowlugy Seraýanyň agtygy Ýoşybýanyň ogly Ýehu, |
| 36 |
| Elýogeýnaý, Ýagakoba, Ýeşohaýa, Asaýa, Adyýel, Ýeşimiýel, Benaýa, |
| 37 |
| Şemagýanyň gowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Ýedaýanyň çowlugy, Allonyň agtygy, Şipginiň ogly Ziza. |
| 38 |
| Şu atlary boýunça agzalanlar urugbaşylardyr. Olaryň nesilleri juda köpeldi. |
| 39 |
| Olar öz sürülerine öri gözläp, Gedora we jülgäniň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdiler. |
| 40 |
| Olar otluk, gowy öri meýdanlarynyň üstünden bardylar; bu ýer gaty giň, asuda hem rahatdy. Öň bu ýerde hamlar oturypdylar. |
| 41 |
| Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunylara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy. |
| 42 |
| Şimgonlaryň bir bölegi — erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler. |
| 43 |
| Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1chronicles/004.mp3
29
4