Ýehoşapada şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Haseson Tamardadyr». Bu ýere Eýngedi-de diýilýär.
«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa, Reb. Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.
„Başymyzdan betbagtçylyk inse, ýagny gylyç jezasy, gyrgyn keseli ýa-da açlyk gelse, biz şu mukaddes ýerde, Seniň huzuryňda durarys, çünki Seniň adyň şu mukaddes ýerdedir. Başymyza gelen betbagtçylyk zerarly Saňa perýat etsek, Sen bizi eşidersiň we halas edersiň“.
[10-11] Ine, indi ammonlar, mowaplar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar. Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler.
Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».
Onsoň halkyň arasyndan Asafyň neslinden bolan lewilerden Ýegiýeliň üstüne Rebbiň Ruhy indi. Ýahazyýal Zakarýanyň ogly, Benaýanyň agtygy, Ýegiýeliň çowlugy we Matanýanyň ýuwlugydy.
Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.
Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».
Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».
Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň söýgüsi bakydyr» diýdiler.
Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlara, mowaplara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy.
Çünki ammonlar we mowaplar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlar we mowaplar biri-birlerini gyrmaga başladylar.
Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbaha zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar.
Onsoň ýahuda we Iýerusalim halky Ýehoşapadyň baştutanlygynda şatlyk bilen Iýerusalime dolanyp geldiler, çünki Reb olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandyrypdy.
Şeýdip, Ýehoşapat Ýahuda patyşalyk etdi. Ýehoşapat patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi, onuň ejesiniň ady Azubady. Ol Şilhiniň gyzydy.
Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapada garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.