Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady. |
| 2 |
| Sanballat öz ýaranlarynyň we Samariýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudylar näme edip ýörler? Olar hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan diwar galdyraýjaklarmyka?» |
| 3 |
| Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!» |
| 4 |
| Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber! |
| 5 |
| Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň — gurluşykçylaryň göwnüne degdiler. |
| 6 |
| Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi. |
| 7 |
| Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar. |
| 8 |
| Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler. |
| 9 |
| Onsoň biz öz Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz garawul goýduk. |
| 10 |
| Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler. |
| 11 |
| Duşmanlarymyz hem: «Üstlerine baranymyzy duýmankalar, biz olary öldürip, işi togtadarys» diýýärmişler. |
| 12 |
| Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudylar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar. |
| 13 |
| Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym. |
| 14 |
| Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!» |
| 15 |
| Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk. |
| 16 |
| [16-17] Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular. |
| 17 |
| 18 |
| Gurluşykçylaryň hemmesiniň işleýärkäler-de billeri gylyçlydy. Surnaýçy bolsa meniň ýanymda durdy. |
| 19 |
| Men beglere, baştutanlara we halkyň galanyna: «Iş köp we onuň gerimi giň, diwaryň üstünde biz dagynyk we biri-birimizden uzak. |
| 20 |
| Şonuň üçin siz surnaý sesini eşiden badyňyza biziň ýanymyza ýygnanyşyň. Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýdim. |
| 21 |
| Şeýdip, biz her gün daň atandan gün batýança işledik, adamlaryň ýarysy naýzalar göterdi. |
| 22 |
| Şol wagt men ýene-de halka ýüzlenip: «Gije bizi gorap, gündizem işlär ýaly, goý, her kim öz hyzmatkäri bilen Iýerusalimde gije ýatymlyk galsyn» diýdim. |
| 23 |
| Şeýdip, ne men, ne garyndaşlarym, ne hyzmatkärlerim, ne-de yzymdaky janpenalarym — hiç birimiz eşigimizi çykarmadyk. Ýaraglarymyz hem sag elimizdedi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/nehemiah/004.mp3
13
4