Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi. |
| 2 |
| Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy. |
| 3 |
| Men olara şeýle tabşyryk berdim: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezeleri açylmasyn. Gün ýaşan çagy, entek derwezebanlar nobatçylykdan gitmänkäler, gapylary gulplasynlar. Iýerusalimiň ilatyndan garawullar goýuň; olaryň käbiri öz goramaly ýerlerinde we beýlekileri bolsa öz öýleriniň öňünde bolsunlar». |
| 4 |
| Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy. |
| 5 |
| Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy: |
| 6 |
| Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilenleriň nesillerinden Iýerusalimdäki we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp gelenleri, ine, şulardy: |
| 7 |
| Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa, Azarýa, Ragamýa, Nahamany, Mordekaý, Bilşan, Misperet, Bigwaý, Nehum we Bagana dagy bilen geldiler. Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sany: |
| 8 |
| Paroşyň nesilleri: iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam; |
| 9 |
| Şepatýanyň nesilleri: üç ýüz ýetmiş iki adam; |
| 10 |
| Aranyň nesilleri: alty ýüz elli iki adam; |
| 11 |
| Ýeşuwanyň we Ýowabyň neslinden — Pahatmowabyň nesilleri: iki müň sekiz ýüz on sekiz adam; |
| 12 |
| Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam; |
| 13 |
| Zatunyň nesilleri: sekiz ýüz kyrk bäş adam; |
| 14 |
| Zakaýyň nesilleri: ýedi ýüz altmyş adam; |
| 15 |
| Binnuýyň nesilleri: alty ýüz kyrk sekiz adam; |
| 16 |
| Bebaýyň nesilleri: alty ýüz ýigrimi sekiz adam; |
| 17 |
| Azgadyň nesilleri: iki müň üç ýüz ýigrimi iki adam; |
| 18 |
| Adonykamyň nesilleri: alty ýüz altmyş ýedi adam; |
| 19 |
| Bigwaýyň nesilleri: iki müň altmyş ýedi adam; |
| 20 |
| Adiniň nesilleri: alty ýüz altmyş bäş adam; |
| 21 |
| Ateriň, ýagny Hizkiýanyň nesilleri: togsan sekiz adam; |
| 22 |
| Haşumyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi sekiz adam; |
| 23 |
| Bezaýyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi dört adam; |
| 24 |
| Harybyň nesilleri: bir ýüz on iki adam; |
| 25 |
| Gibgonyň nesilleri: togsan bäş adam; |
| 26 |
| Beýtullahamyň we Netopanyň ýaşaýjylary: bir ýüz segsen sekiz adam; |
| 27 |
| Anatodyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi sekiz adam; |
| 28 |
| Beýtazmawediň ýaşaýjylary: kyrk iki adam; |
| 29 |
| Kirýatýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň ýaşaýjylary: ýedi ýüz kyrk üç adam; |
| 30 |
| Ramanyň we Gebanyň ýaşaýjylary: alty ýüz ýigrimi bir adam; |
| 31 |
| Mikmaşyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi iki adam; |
| 32 |
| Beýteliň we Aýyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi üç adam; |
| 33 |
| Beýleki Nebonyň ýaşaýjylary: elli iki adam; |
| 34 |
| Beýleki Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam; |
| 35 |
| Harymyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi adam; |
| 36 |
| Ýerihonyň nesilleri: üç ýüz kyrk bäş adam; |
| 37 |
| Loduň, Hadydyň we Ononyň nesilleri: ýedi ýüz ýigrimi bir adam; |
| 38 |
| Senanyň nesilleri: üç müň dokuz ýüz otuz adam. |
| 39 |
| Ruhanylar: Ýeşuwanyň kowmyndan Ýedaýanyň nesilleri: jemi dokuz ýüz ýetmiş üç adam; |
| 40 |
| Immeriň nesilleri: bir müň elli iki adam; |
| 41 |
| Paşhuryň nesilleri: bir müň iki ýüz kyrk ýedi adam; |
| 42 |
| Harymyň nesilleri: bir müň on ýedi adam; |
| 43 |
| lewiler: Hodawýanyň nesilleri, ýagny Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri: ýetmiş dört adam; |
| 44 |
| aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz kyrk sekiz adam; |
| 45 |
| derwezebanlar: Şallumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň, Hatytanyň, Şobaýyň nesilleri: bir ýüz otuz sekiz adam; |
| 46 |
| ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, |
| 47 |
| Keýrosyň, Siganyň, Padonyň, |
| 48 |
| Lebananyň, Hagabanyň, Şalmaýyň, |
| 49 |
| Hananyň, Gidolyň, Geharyň, |
| 50 |
| Reýaýanyň, Resiniň, Nekodanyň, |
| 51 |
| Gazamyň, Uzanyň, Paseýanyň, |
| 52 |
| Besaýyň, Megunymyň, Nepusymyň, |
| 53 |
| Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň, |
| 54 |
| Baslutyň, Mehidanyň, Harşanyň, |
| 55 |
| Barkosyň, Siseranyň, Temanyň, |
| 56 |
| Nesiýanyň, Hatypanyň nesilleri; |
| 57 |
| Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesillerinden: Sotaýyň, Soperetiň, Peridanyň, |
| 58 |
| Ýaglanyň, Darkonyň, Gidolyň, |
| 59 |
| Şepatýanyň, Hatylyň, Pokeret Hasebaýymyň we Amonyň nesilleri. |
| 60 |
| Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy. |
| 61 |
| Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Immerden çykanlar, ýöne öz uruglaryny, öz aslyny ýa-da özleriniň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikler şulardy: |
| 62 |
| Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesilleri: alty ýüz kyrk iki adam; |
| 63 |
| şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri. |
| 64 |
| Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar. |
| 65 |
| Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy. |
| 66 |
| [66-67] Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz kyrk bäş erkek we aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy. |
| 67 |
| 68 |
| [68-69] Olaryň dört ýüz otuz bäş düýesi we alty müň ýedi ýüz ýigrimi sany-da eşegi bardy. |
| 69 |
| 70 |
| Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi. |
| 71 |
| Käbir urugbaşylar bolsa gurluşyk gaznasyna sekiz ýarym batman töweregi altyn, altmyş bäş batman kümüş berdiler. |
| 72 |
| Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy. |
| 73 |
| Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar. Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/nehemiah/007.mp3
13
7