Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.
Mordekaý daýysynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy.
Şeýdip, patyşanyň tabşyrygy we permany yglan edilip, birtopar boý gyzlar Suza galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligi astynda goýuldy. Ester hem patyşanyň köşgüne getirilip, aýallara sakçylyk edýän Hegaýyň gözegçiligine berildi.
Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi.
Patyşanyň huzuryna barmazdan öň, aýallar düzgüni boýunça gyz on iki aýlyk timar beriş döwrüni geçmelidi. Bu döwürde gyzlara alty aý mür ýagy bilen, alty aý hem atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berilýärdi.
Ol gyz agşam patyşanyň ýanyna gidip, ertesi patyşanyň gyrnak aýallaryna seredýän agtasy Şagaşgazyň gözegçiligi astyndaky ikinji haremhana gaýdyp gelerdi. Patyşanyň göwnüne ýarap, patyşa adyny tutup çagyrýança, ol ikilenç patyşanyň huzuryna barmazdy.
Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň daýysy Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.
Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi.
Soňra patyşa Esteriň hatyrasyna özüniň ähli begleri hem-de köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Ol ähli welaýatlara dynçlyk berdi, hemmelere sahylyk bilen sowgat-serpaýlar etdi.
Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.
Mordekaýyň köşk emeldary bolup işleýän döwründe patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtan we Tereş gaharlanyp, Kserks patyşany öldürmegi ýüreklerine düwdüler.
Bu iş barlanylyp, munuň, hakykatdan-da, şeýledigine göz ýetirilenden soň, olaryň ikisi-de dardan asyldy. Bu waka patyşanyň huzuryndaky ýyl ýazgylaryna ýazyldy.