Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi. |
| 2 |
| Ol şeýle diýdi: |
| 3 |
| «Goý, meniň doglan günüm gurasyn! „Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin! |
| 4 |
| Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, onuň üstüne ýagty düşmesin! |
| 5 |
| Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn. Bulutlar örtsün ony, garaňkylyk ony gorka salsyn! |
| 6 |
| Şol gijäni zulmat gaplasyn, ol gije ýylyň günlerine girizilmesin. |
| 7 |
| Goý, ol önelgesiz gije bolsun, onda şatlykly owaz eşidilmesin! |
| 8 |
| Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler! |
| 9 |
| Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün, yşyga umyt baglasyn, ýöne yşyk bolmasyn, daň şapagyna ýüzi düşmesin! |
| 10 |
| Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, hasraty meniň gözlerimden gizlemedi. |
| 11 |
| Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin? |
| 12 |
| Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken! |
| 13 |
| Onda men häzir rahatlykda ýatardym, dynçlykda bolardym. |
| 14 |
| Haraba öwrülen binalary guran dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen, |
| 15 |
| öýlerini kümüşden dolduran, altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym. |
| 16 |
| Näme üçin öli doglan çaga dek, ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?! |
| 17 |
| Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar. |
| 18 |
| Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr. |
| 19 |
| Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr. |
| 20 |
| Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, kalby hasratla-da ömür berilýär? |
| 21 |
| Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar. |
| 22 |
| Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar, joşup, şowhun edýärler. |
| 23 |
| Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär? |
| 24 |
| Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär. |
| 25 |
| Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, heder edenim-de üstümden inýär. |
| 26 |
| Mende ne rahatlyk bar, ne asudalyk, ne-de dynçlyk bar, diňe tükeniksiz muşakgat gelýär». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/job/003.mp3
42
3