|
| 1 |
|
| «Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka? Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek? |
|
| 2 |
|
| Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär. |
|
| 3 |
|
| Kök urýan akmaklary gördüm, emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi. |
|
| 4 |
|
| Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr, adalatdan mahrum edilýärler olar, howandarlyk edýän ýokdur olara. |
|
| 5 |
|
| Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler, ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar, açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar. |
|
| 6 |
|
| Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz, hasrat-da ýerde bitmez. |
|
| 7 |
|
| Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar. |
|
| 8 |
|
| Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, dawamy Oňa tabşyrardym. |
|
| 9 |
|
| Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär. |
|
| 10 |
|
| Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, meýdanlary suwarýan-da Oldur. |
|
| 11 |
|
| Ol kemsidilenleri arşa çykarýar, gussalylar howpdan dynýar. |
|
| 12 |
|
| Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar. |
|
| 13 |
|
| Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar. |
|
| 14 |
|
| Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler. |
|
| 15 |
|
| Ol mätäçleri gylyçdan, güýçlüleriň dilinden hem elinden halas edýär. |
|
| 16 |
|
| Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, adalatsyzlyk agzyny ýumýar. |
|
| 17 |
|
| Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme. |
|
| 18 |
|
| Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol. |
|
| 19 |
|
| Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez. |
|
| 20 |
|
| Ol seni açlykda ölümden, uruşda gylyçdan gutarar. |
|
| 21 |
|
| Ol seni duzly dilden gorar, gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň. |
|
| 22 |
|
| Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň, ýabany haýwanlardan heder etmersiň. |
|
| 23 |
|
| Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň, ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň. |
|
| 24 |
|
| Çadyryňyň asudalykdadygyny bilersiň, süriňe göz aýlaňda, sany tükel bolar. |
|
| 25 |
|
| San-sajaksyz nesil görersiň, zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar. |
|
| 26 |
|
| Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek sen hem gabra gojalyp girersiň. |
|
| 27 |
|
| Derňew geçirdik, bu hakykatdyr, muny diňle-de, özüň üçin belläp al». |
|
|
|
|