Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Nagma. Dawudyň mezmury. |
| 2 |
| Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn. |
| 3 |
| Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem lira! Men daňy oýararyn nagmalar bilen. |
| 4 |
| Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn. |
| 5 |
| Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär. |
| 6 |
| Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel, tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň! |
| 7 |
| Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber. |
| 8 |
| Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin. |
| 9 |
| Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym — tuwulgam, Ýahuda — patyşalyk hasam. |
| 10 |
| Mowap — ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men». |
| 11 |
| Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider? |
| 12 |
| Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi? Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen? |
| 13 |
| Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr. |
| 14 |
| Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur. |
| Bellikleri ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/psalms/107.mp3
150
107