|
| 1 |
|
| Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky! |
|
| 2 |
|
| Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky». |
|
| 3 |
|
| Goý, Harunyň nesli diýsin: «Onuň söýgüsi baky». |
|
| 4 |
|
| Goý, Rebden gorkýanlar diýsin: «Onuň söýgüsi baky». |
|
| 5 |
|
| Darygan çagymda çagyrdym Rebbi, Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi. |
|
| 6 |
|
| Reb — tarapdarym, gorkmaýaryn men, ynsan maňa näme edip bilsin? |
|
| 7 |
|
| Reb kömekçi dek tarapdarymdyr, meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin. |
|
| 8 |
|
| Ynsana bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy. |
|
| 9 |
|
| Şalara bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy. |
|
| 10 |
|
| Ähli milletler gurşap aldy daşymy, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary. |
|
| 11 |
|
| Olar gurşap aldy meniň daşymy, çar tarapdan gabady meni, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary. |
|
| 12 |
|
| Olar ary kimin meni gurşady, ýöne ýandak ody dek söndi, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary. |
|
| 13 |
|
| Ýykylarym ýaly, gaty itildim, emma Reb boldy meniň kömegim. |
|
| 14 |
|
| Reb — güýjüm hem-de aýdymym, Ol meniň Halasgärimdir. |
|
| 15 |
|
| Dogrularyň çadyrlarynda şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar: «Rebbiň goly zor işleri görkezýär! |
|
| 16 |
|
| Rebbiň goly belende galýar! Rebbiň goly zor işleri görkezýär!» |
|
| 17 |
|
| Men ölmerin, aman ýaşaryn hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin. |
|
| 18 |
|
| Reb meni berk jezalandyrdy, emma ölüme meni bermedi. |
|
| 19 |
|
| Açyň maňa dogrulyk derwezelerini, men girip, Rebbe şükür edeýin. |
|
| 20 |
|
| Bu — Rebbiň derwezeleri, dogrular ondan girerler. |
|
| 21 |
|
| Men Saňa şükür edeýin, çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň. |
|
| 22 |
|
| Ussalaryň ret eden daşy, binýadyň burç daşy boldy. |
|
| 23 |
|
| Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy. |
|
| 24 |
|
| Bu — Rebbiň ýaradan güni, geliň onda begeneli we şatlanaly. |
|
| 25 |
|
| Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi, Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi. |
|
| 26 |
|
| Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly! Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi. |
|
| 27 |
|
| Beýik Hudaýdyr, üstümize nur saçan Oldur. Gurbanlyk malyny alyň, ony gurbanlyk sypasynyna daňyň. |
|
| 28 |
|
| Sen — meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek, Sen — meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek. |
|
| 29 |
|
| Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky! |
|
|
|
|