|
| 1 |
|
| א [1] Kämil ýoldan ýöreýänler, Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr! |
|
| 2 |
|
| Onuň düzgünlerini saklaýanlar, tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr! |
|
| 3 |
|
| Olar nähak işi etmeýär, olar Onuň ýollaryndan ýöreýär. |
|
| 4 |
|
| Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň. |
|
| 5 |
|
| Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym. |
|
| 6 |
|
| Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda, men utanmaryn. |
|
| 7 |
|
| Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym, päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn. |
|
| 8 |
|
| Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni. ב |
|
| 9 |
|
| Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen. |
|
| 10 |
|
| Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen. |
|
| 11 |
|
| Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym. |
|
| 12 |
|
| Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy. |
|
| 13 |
|
| Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny, men dilim bilen yglan edýärin. |
|
| 14 |
|
| Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn, göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn. |
|
| 15 |
|
| Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin. |
|
| 16 |
|
| Parzlaryňdan lezzet alaryn, Seniň sözüňi men unutmaryn. ג |
|
| 17 |
|
| Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly, Sen bendäňe et jomartlygy. |
|
| 18 |
|
| Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlermi. |
|
| 19 |
|
| Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden. |
|
| 20 |
|
| Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim. |
|
| 21 |
|
| Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara: tekepbirlere hem-de lagnatlylara. |
|
| 22 |
|
| Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn. |
|
| 23 |
|
| Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär, bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar. |
|
| 24 |
|
| Seniň düzgünleriň — keýpiköklügim, olar meniň — geňeşdarlarym. ד |
|
| 25 |
|
| Meniň janym gara ýere ýapyşýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri. |
|
| 26 |
|
| Men beýan edenimde öz ýollarymy, Sen maňa berdiň jogaby; öwret maňa Öz parzlaryňy. |
|
| 27 |
|
| Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn. |
|
| 28 |
|
| Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber. |
|
| 29 |
|
| Ýalan ýollary menden uzak et, merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret. |
|
| 30 |
|
| Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym, Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum. |
|
| 31 |
|
| Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym, Sen meni utanja goýma. |
|
| 32 |
|
| Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men, çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň. ה |
|
| 33 |
|
| Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret, men ony ahyra çenli saklaryn. |
|
| 34 |
|
| Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly, ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly. |
|
| 35 |
|
| Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret, çünki men ondan alýaryn lezzet. |
|
| 36 |
|
| Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly, Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi. |
|
| 37 |
|
| Boş hysyrdylardan sow gözlerimi, Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýşy. |
|
| 38 |
|
| Özüňden gorkýanlara berdiň wadany: men–bendäň babatda hem tassykla ony. |
|
| 39 |
|
| Menden sow gorkýan masgaralygymy, çünki Seniň adalatly hökümleriň ýagşydyr. |
|
| 40 |
|
| Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy, Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýşy. ו |
|
| 41 |
|
| Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä, sadyk söýgiň gelsin, halas et meni. |
|
| 42 |
|
| Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin, çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn. |
|
| 43 |
|
| Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan, çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn. |
|
| 44 |
|
| Men dyngysyz, baky, ebedi Seniň kanunyňy berjaý ederin. |
|
| 45 |
|
| Men Seniň buýruklaryňy agtardym, şonuň üçin erkanalykda gezerin. |
|
| 46 |
|
| Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn, hiç utanmaryn. |
|
| 47 |
|
| Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn, çünki olary men söýýändirin. |
|
| 48 |
|
| Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin, parzlaryň barada oýa batýaryn. ז |
|
| 49 |
|
| Öz bendäňe beren sözüňi ýatla, ol arkaly umyt berensiň maňa. |
|
| 50 |
|
| Ol darygan günümde meniň tesellim, çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär. |
|
| 51 |
|
| Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar, şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän. |
|
| 52 |
|
| Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda, ýa Reb, men tapýaryn teselli. |
|
| 53 |
|
| Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde, gahar-gazap gurşaýar meni. |
|
| 54 |
|
| Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde, Seniň parzlaryň aýdymym boldy. |
|
| 55 |
|
| Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn, Seniň kanunyňy berjaý edýärin. |
|
| 56 |
|
| Men şeýle durmuşy amal edýärin: buýruklaryňy berjaý edýärin. ח |
|
| 57 |
|
| Reb — meniň paýym Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim. |
|
| 58 |
|
| Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn: «Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle». |
|
| 59 |
|
| Öz ýollarym barada oýlananymda, gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim. |
|
| 60 |
|
| Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin alňasap, olary gijikdirmedim. |
|
| 61 |
|
| Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da, Seniň kanunyňy men unutmadym. |
|
| 62 |
|
| Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin, ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn. |
|
| 63 |
|
| Senden gorkýanlaryň baryna, buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna hemra bolýaryn. |
|
| 64 |
|
| Ýa Reb, ýeriň ýüzi sadyk söýgiňden doly, maňa öwret Öz parzlaryňy. ט |
|
| 65 |
|
| Ýa Reb, wadaňa görä, Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy. |
|
| 66 |
|
| Maňa öwret paýhas bilen bilimi, çünki tabşyryklaryňa men iman etdim. |
|
| 67 |
|
| Ejir çekmezden öň men azaşypdym, emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin. |
|
| 68 |
|
| Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary, maňa öwret Öz parzlaryňy. |
|
| 69 |
|
| Tekepbirler maňa myjabat atýar, men bolsa tutuş kalbym bilen buýruklaryňy berjaý edýärin. |
|
| 70 |
|
| Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar, men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn. |
|
| 71 |
|
| Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin, ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy. |
|
| 72 |
|
| Seniň agzyňyň sözlän kanuny maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy. |
|
| 73 |
|
| Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi, tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni. |
|
| 74 |
|
| Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar, çünki Seniň sözüňe umyt bagladym. |
|
| 75 |
|
| Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň, wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň. |
|
| 76 |
|
| Öz bendäňe beren wadaňa görä, sadyk söýgiň maňa teselli bolsun. |
|
| 77 |
|
| Rehim et, goý, men ýaşaýyn çünki kanunyň — keýpiköklügim. |
|
| 78 |
|
| Tekepbirler, goý, utanja galsyn, çünki olar nähak ýere şyltak atdylar, men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn. |
|
| 79 |
|
| Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly, goý, olar maňa öwrülsin. |
|
| 80 |
|
| Utanja galmazym ýaly, kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun. כ |
|
| 81 |
|
| Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär, men Seniň sözüňe umyt baglaýan. |
|
| 82 |
|
| Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim, «Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan. |
|
| 83 |
|
| Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum, emma Seniň parzlaryňy men unutmadym. |
|
| 84 |
|
| Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli? Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi? |
|
| 85 |
|
| Tekepbirler maňa çukur gazdylar, olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar. |
|
| 86 |
|
| Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr, maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler. |
|
| 87 |
|
| Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden, şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim. |
|
| 88 |
|
| Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly, Öz sadyk söýgiňde maňa ber ýaşaýşy. ל |
|
| 89 |
|
| Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy. |
|
| 90 |
|
| Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy, Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur. |
|
| 91 |
|
| Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur, çünki olar Saňa gulluk edýärler. |
|
| 92 |
|
| Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa, ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda. |
|
| 93 |
|
| Asla unutmaryn buýruklaryňy, çünki olar arkaly maňa ýaşaýyş berdiň. |
|
| 94 |
|
| Men Seniňki, meni halas et, çünki buýruklaryňa berdim men dykgat. |
|
| 95 |
|
| Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar, men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan. |
|
| 96 |
|
| Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini, emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň. מ |
|
| 97 |
|
| Seniň kanunyňy juda söýýärin! Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym. |
|
| 98 |
|
| Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär, çünki ol elmydama meniň aňymda. |
|
| 99 |
|
| Ähli halypalarymdan paýhasly boldum, çünki Seniň düzgünleriň — oýlanmalarym. |
|
| 100 |
|
| Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn, çünki buýruklaryňy berjaý edýärin. |
|
| 101 |
|
| Seniň sözüňi saklamak üçin, ähli ýaman ýoldan men gaça durdum. |
|
| 102 |
|
| Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim, çünki maňa Sen tälim berdiň. |
|
| 103 |
|
| Seniň wadaň maňa nähili süýji! Ol agzyma baldan-da süýji! |
|
| 104 |
|
| Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly, şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly. נ |
|
| 105 |
|
| Seniň sözüň — çyra aýaklaryma, ol — ýagtylyk meniň ýodama. |
|
| 106 |
|
| Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip, men kasam etdim we berjaý etdim. |
|
| 107 |
|
| Men jebir-jepalar çekdim; Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýşy. |
|
| 108 |
|
| Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi. |
|
| 109 |
|
| Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da, Seniň kanunyňy unutmaýaryn. |
|
| 110 |
|
| Erbetler maňa duzak gursa-da, Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn. |
|
| 111 |
|
| Seniň düzgünleriň — baky mirasym, çünki olar meniň ýürek şatlygym. |
|
| 112 |
|
| Seniň parzlaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli. ס |
|
| 113 |
|
| Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin, Seniň kanunyňy bolsa söýýärin. |
|
| 114 |
|
| Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn. |
|
| 115 |
|
| Eý, betkärler, menden aýrylyň, men Hudaýymyň tabşyryklaryny berjaý edeýin. |
|
| 116 |
|
| Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn, öz umydymdan hiç utanmaýyn. |
|
| 117 |
|
| Maňa daýanç bol, halas bolaýyn, parzlaryňa elmydama dykgat bereýin. |
|
| 118 |
|
| Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň, çünki olaryň hilesi puçdur. |
|
| 119 |
|
| Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri, şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi. |
|
| 120 |
|
| Seniň wehimiňden titreýär tenim, men gorkýaryn hökümleriňden. ע |
|
| 121 |
|
| Adalatly we hak işleri etdim, meni sütemkärlerimiň eline berme. |
|
| 122 |
|
| Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny, tekepbirler ezmesin meni. |
|
| 123 |
|
| Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna meniň gözlerim intizar galdy. |
|
| 124 |
|
| Bendäňe sadyk söýgiňde gara, parzlaryňy öwret Sen maňa. |
|
| 125 |
|
| Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa, akyl ýetireýin düzgünleriňe. |
|
| 126 |
|
| Indi Rebbiň hereket etmeli wagty, çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy. |
|
| 127 |
|
| Men welin altyndan, sap altyndan-da köp söýýärin Seniň tabşyryklaryňy. |
|
| 128 |
|
| Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy, ýigrenýärin her ýalan ýoly. פ |
|
| 129 |
|
| Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň, şonuň üçin olary berjaý edýärin. |
|
| 130 |
|
| Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär. |
|
| 131 |
|
| Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa, agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa. |
|
| 132 |
|
| Adyňy söýýänlere edişiň ýaly, nazar salyp, maňa merhemet eýle. |
|
| 133 |
|
| Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi, hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin. |
|
| 134 |
|
| Ynsan süteminden azat et meni, men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin. |
|
| 135 |
|
| Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny, maňa öwret Öz parzlaryňy. |
|
| 136 |
|
| Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar, çünki ynsanlar berjaý etmeýär Seniň kanunyňy. צ |
|
| 137 |
|
| Ýa Reb, Sen — dogry, Seniň hökümleriň hem adalatly. |
|
| 138 |
|
| Seniň buýran düzgünleriň adyl hem-de juda wepaly. |
|
| 139 |
|
| Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar, çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi. |
|
| 140 |
|
| Seniň wadaň örän ygtybarlydyr, Seniň bendäň ony söýýändir. |
|
| 141 |
|
| Äsgerilmän, kemsidilsem-de, unutmaýaryn buýruklaryňy. |
|
| 142 |
|
| Seniň dogrulygyň — baky dogrulyk, Seniň kanunyň hem hak. |
|
| 143 |
|
| Muşakgat we külpet üstüme indi, şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn. |
|
| 144 |
|
| Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy, maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn. ק |
|
| 145 |
|
| Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin, Ýa Reb, maňa jogap ber, men parzlaryňy berjaý edeýin. |
|
| 146 |
|
| Seni çagyrýaryn, meni halas et, düzgünleriňi berjaý edeýin. |
|
| 147 |
|
| Gün dogmanka turup, perýat edýärin, Seniň sözüňe umyt baglaýaryn. |
|
| 148 |
|
| Seniň wadaň barada oýlanmak üçin, gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi. |
|
| 149 |
|
| Öz sadyk söýgiňe görä eşit sesimi, ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýşy. |
|
| 150 |
|
| Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi, olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar. |
|
| 151 |
|
| Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb. Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr. |
|
| 152 |
|
| Bilýärdim ozaldan bäri: Seniň düzgünleriň baky berkarar. ר |
|
| 153 |
|
| Jebir-jepamy gör-de, halas et meni, çünki unutmaýan men kanunyňy. |
|
| 154 |
|
| Hakymy alyp ber, azat et meni, wadaňa görä maňa ber ýaşaýşy. |
|
| 155 |
|
| Halas bolardan uzakdyr erbetler, çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy. |
|
| 156 |
|
| Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň, maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýşy. |
|
| 157 |
|
| Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp, emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin. |
|
| 158 |
|
| Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere, olar buýruklaryňy berjaý etmeýär. |
|
| 159 |
|
| Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy! Sadyk söýgiňe görä ber ýaşaýşy. |
|
| 160 |
|
| Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň! Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy. ש |
|
| 161 |
|
| Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar, emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar. |
|
| 162 |
|
| Uly hazyna edinen kimin, Seniň wadaňa begenýärin men. |
|
| 163 |
|
| Ýalany ýigrenip, ony nejis saýýaryn, men Seniň kanunyňy söýýärin. |
|
| 164 |
|
| Seniň adalatly hökümleriň üçin, günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn. |
|
| 165 |
|
| Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin, olar asla büdremez. |
|
| 166 |
|
| Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn, tabşyryklaryňy berjaý edýärin. |
|
| 167 |
|
| Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi, men olary juda söýýärin. |
|
| 168 |
|
| Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi, çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa. ת |
|
| 169 |
|
| Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä maňa düşünje ber. |
|
| 170 |
|
| Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä meni halas et. |
|
| 171 |
|
| Dilim öwgüler saçar, çünki maňa parzlaryňy öwretdiň; |
|
| 172 |
|
| dilim Seniň wadaňy nagma ediner, çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry. |
|
| 173 |
|
| Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin, çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim. |
|
| 174 |
|
| Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men, Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn. |
|
| 175 |
|
| Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn, Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin. |
|
| 176 |
|
| Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi, çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn. |
|
|
|
|