×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Зебур 123

1
Dawudyň zyýarat nagmasy. [1] «Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? — eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! —
2
Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,
3
bize garşy gaharlary ýanyp lowlanda, olar bizi diri ýalmap-ýuwdardy,
4
siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,
5
haýbatly suwlar üstümizden aşardy.
6
Bizi olaryň agzyna aw etmedik Rebbe alkyşlar bolsun!
7
Awçynyň duzagyndan guş kimin gaçyp gutuldyk: duzak gyryldy, biz hem gutuldyk.
8
Ýeri, gögi ýaradan Reb kömegimizdir».
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri Ýazdyryň