×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Зебур 127

1
Zyýarat nagmasy. [1] Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!
2
Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
3
Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý — saçagyňyň başynda
4
Rebden gorkýan, ine, şeýle ýalkanar!
5
Reb saňa Siondan ak pata berer! Ömürboýy Iýerusalimiň rowaçlygyny görersiň.
6
Sen ogullaryňyň ogullaryny görersiň. Goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri ýazdyryň