×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Зебур 132

1
Dawudyň zyýarat nagmasy. [1] Doganlaryň bile ýaşamaklary gör, nähili gowy hem-de ýakymly!
2
Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr!
3
Ol Sion daglaryna düşýän Hermonyň boldan-bol çygy kimindir. Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi.
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri ýazdyryň