Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Dawudyň mezmury. [1] Meniň ellerime uruşmagy, barmaklaryma söweşmegi öwredýän gaýam Rebbe alkyşlar bolsun! |
| 2 |
| Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir. |
| 3 |
| Ýa Reb, ynsan kimmişin, Sen onuň aladasyny ederiň ýaly? Ynsan ogly kimmişin, Sen onuň pikirini ederiň ýaly? |
| 4 |
| Ynsan bir dem kimindir, onuň ömri geçip barýan kölege deýdir. |
| 5 |
| Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler! |
| 6 |
| Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary! |
| 7 |
| Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni. |
| 8 |
| Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar. |
| 9 |
| Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn, on kirişli guralda Saňa mukam çalaryn. |
| 10 |
| Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän. |
| 11 |
| Meni azat et, kesekileriň elinden halas et meni. Olaryň agzy ýalan sözleýär, ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar. |
| 12 |
| Ogullarymyz ýaş çagynda, ösümlik deý pajarlap össün. Gyzlarymyz köşgüň haşamlanan sütünleri deý bolsun. |
| 13 |
| Ammarlarymyz dürli azyk-owkatlardan, goý, dolup-daşsyn. Goýunlarymyz örülerde müňlerçe, on müňlerçe bolup örňesin. |
| 14 |
| Sygyrlarymyzyň höwri köp bolsun, duşman gala diwaryny, goý, böwüsmesin; olar bizi ýesirlige almasyn, köçelerimizde ahy-nalyş bolmasyn! |
| 15 |
| Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly! Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly! |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/psalms/143.mp3
150
143