×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Зебур 148

1
Rebbe şan- şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
2
Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
3
Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
4
Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň!
5
Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
6
Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
7
Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
8
eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
9
eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
10
eý, haýwanlar we ähli mal-gara süýrenijiler we guşlar,
11
eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halklary, şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
12
eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar.
13
Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
14
Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri ýazdyryň