Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Milletler arasyndaky başbozarlyk näme? Halklar nämä biderek pitne turuzýar? |
| 2 |
| Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar. |
| 3 |
| Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyralyň zynjyrlaryny». |
| 4 |
| Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar. |
| 5 |
| Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer: |
| 6 |
| « Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan». |
| 7 |
| Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, — diýdi Ol maňa — bu gün Ataň boldum Men. |
| 8 |
| Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. |
| 9 |
| Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň». |
| 10 |
| Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň: |
| 11 |
| Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň. |
| 12 |
| Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/psalms/002.mp3
150
2