×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Зебур 35

1
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.
2
Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Ol Hudaýdan asla gorkmaýar.
3
Çünki günäsini tapyp, ony ýigrenerinden, juda hoşdur onuň göwni özünden.
4
Agzynyň sözleri — betlik hem hile, paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.
5
Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.
6
Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.
7
Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hökümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.
8
Eý, Hudaý, sadyk söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryňyň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.
9
Öýüňiň näz-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.
10
Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende, biz nur görýäris Seniň nuruňda.
11
Seni tanaýanlara dowam etdir sadyk söýgiňi, ýüregi dogrulara — dogrulygyňy.
12
Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.
13
Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri Ýazdyryň