×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Зебур 4

1
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2
Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda. Maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
3
Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz maňa ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela
4
Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
5
Gaharlanyp, günä galmaň siz, Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
6
Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
7
«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
8
Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
9
Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri Ýazdyryň