Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Dawudyň Rebbe aýdan şigaýony. Benýamin tiresinden bolan Kuşuň sözlerine degişli. |
| 2 |
| Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar. |
| 3 |
| Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere, olar şir dek meni parçalaýmasyn. |
| 4 |
| Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa, |
| 5 |
| eger özüm bilen asudalykda ýaşana men ýamanlyk edäýen bolsam, duşmanymy sebäpsiz ýere men talan bolsam, |
| 6 |
| onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela |
| 7 |
| Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda, garşy çyk Sen duşman dergazabyna; eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi. |
| 8 |
| Halklar jemagaty gurşasyn töweregiňi, göklerden ýöret olara Sen hökümiňi. |
| 9 |
| Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla. |
| 10 |
| Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn. |
| 11 |
| Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir. |
| 12 |
| Hudaý adyl Kazydyr, haksyzlygy günde höküm edýändir. |
| 13 |
| Eger kimdir biri toba etmese, Hudaý Öz gylyjyny ýitelder; ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir. |
| 14 |
| Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar. |
| 15 |
| Ine, erbet adamyň haksyzlykdan hamyla bolup, göwresinde ýamanlygy göterip, ýalany dünýä indirişini gör! |
| 16 |
| Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär. |
| 17 |
| Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine. |
| 18 |
| Rebbe Onuň haklygynda şükür edýärin, şatlanyp, Beýik Hudaýa nagma aýdýaryn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/psalms/007.mp3
150
7