Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary: |
| 2 |
| Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda |
| 3 |
| Ysakar, Zebulun, Benýamin |
| 4 |
| Dan, Naftaly, Gat, Aşer. |
| 5 |
| Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi. |
| 6 |
| Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, onuň döwürdeşleri dünýäden ötdi. |
| 7 |
| Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy. |
| 8 |
| Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy. |
| 9 |
| Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply. |
| 10 |
| Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi. |
| 11 |
| Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. |
| 12 |
| Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan sussy basyldy. |
| 13 |
| [13-14] Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. |
| 14 |
| 15 |
| Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi: |
| 16 |
| «Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin». |
| 17 |
| Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar. |
| 18 |
| Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady. |
| 19 |
| Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler. |
| 20 |
| Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi. |
| 21 |
| Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi. |
| 22 |
| Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/001.mp3
40
1