×

Mukaddes Kitap Latin 2016

Мүсүрден Чыкыш 11

1
Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar.
2
Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi.
3
Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4
Musa faraona şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn.
5
Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler.
6
Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz.
7
Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“».
8
Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
9
Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi.
10
Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.
Turkmen Latin Bible 2016
Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
:
Bellikleri Ýazdyryň