Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler. |
| 2 |
| Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady. |
| 3 |
| Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz». |
| 4 |
| Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin. |
| 5 |
| Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi. |
| 6 |
| Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz. |
| 7 |
| Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler. |
| 8 |
| Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi. |
| 9 |
| Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi. |
| 10 |
| Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler. |
| 11 |
| Reb Musa şeýle diýdi: |
| 12 |
| «Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Meniň Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz». |
| 13 |
| Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. |
| 14 |
| Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. |
| 15 |
| Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. |
| 16 |
| Rebbiň buýrugy şudur: her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer ýygyp alarsyňyz» diýdi. |
| 17 |
| Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady. |
| 18 |
| Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken. |
| 19 |
| Musa olara: «Ýekeje adam hem ondan ertire hiç zat galdyrmaly däldir» diýdi. |
| 20 |
| Emma olar Musa gulak asmadylar. Ýygnanlaryndan birazragy ertire galdy. Ol bolsa gurtlap porsapdyr. Musanyň olara gaty gahary geldi. |
| 21 |
| Her gün ertirine her kim bu berilýän çörekden öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi. |
| 22 |
| Altynjy güni olar adam başyna iki esseden, ýagny, iki omer möçberinde ýygnadylar. Halkyň ähli ýolbaşçylary gelip, muny Musa aýdanlarynda, |
| 23 |
| Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň». |
| 24 |
| Şeýlelikde, olar Musanyň buýrugy boýunça ertire çenli ondan alyp goýdular. Ol ne porsady, ne-de gurtlady. |
| 25 |
| Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz. |
| 26 |
| Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi. |
| 27 |
| Ýedinji gün birnäçe adam ondan ýygnamaga çykdy, emma hiç zat tapmadylar. |
| 28 |
| Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz? |
| 29 |
| Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi. |
| 30 |
| Şeýdip, adamlar ýedinji gün dynç aldylar. |
| 31 |
| Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy. |
| 32 |
| Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi. |
| 33 |
| Musa Haruna: Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý diýdi. |
| 34 |
| Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy. |
| 35 |
| Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler. |
| 36 |
| (Bir omer batmanyň ondan biri bolýar.) |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/016.mp3
40
16