Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi. |
| 2 |
| Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklaýardy. |
| 3 |
| Onuň bir oglunyň ady Gerşom (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy), |
| 4 |
| beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy). |
| 5 |
| Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna Hudaýyň dagyna geldi. |
| 6 |
| Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi. |
| 7 |
| Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler. |
| 8 |
| Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi. |
| 9 |
| Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi. |
| 10 |
| Ýitro: «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun! |
| 11 |
| Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi. |
| 12 |
| Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi. |
| 13 |
| Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmäge çykdy. Adamlar ertirden agşama çenli Musanyň töwereginde durdular. |
| 14 |
| Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi. |
| 15 |
| Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler. |
| 16 |
| Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi. |
| 17 |
| Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl. |
| 18 |
| Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň. |
| 19 |
| Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir. |
| 20 |
| Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez. |
| 21 |
| Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý. |
| 22 |
| Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär. |
| 23 |
| Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar». |
| 24 |
| Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi. |
| 25 |
| Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi. |
| 26 |
| Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler. |
| 27 |
| Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/018.mp3
40
18