Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| [1-2] Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler. |
| 2 |
| 3 |
| Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny, Ýakubyň nesline şuny aýt: |
| 4 |
| „Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim. |
| 5 |
| Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. |
| 6 |
| Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur». |
| 7 |
| Şeýlelikde, Musa gelip, ysraýyllaryň ýaşulularyny çagyrdy we Rebbiň buýran sözleriniň hemmesini olara aýan etdi. |
| 8 |
| Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi. |
| 9 |
| Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda, |
| 10 |
| Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar. |
| 11 |
| Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek. |
| 12 |
| Sen adamlar üçin dagyň töweregine araçäk belle we olara aýt, olar daga çykmasynlar ýa-da onuň araçägine aýak basmasynlar. Kimde-kim dagy ellese, ol öler. |
| 13 |
| Oňa el degrilmezden daşlanyp öler ýa-da ok, ýaý bilen atylar. Isle haýwan bolsun, isle ynsan bolsun, ol diri galmaz. Şahdan edilen surnaýyň owazy batly çalnandan soň, olar daga çykyp bilerler». |
| 14 |
| Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular. |
| 15 |
| Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi. |
| 16 |
| Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler. |
| 17 |
| Musa adamlary Hudaý bilen duşurmak üçin, düşelgeden çykaryp getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. |
| 18 |
| Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy. |
| 19 |
| Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi. |
| 20 |
| Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy. |
| 21 |
| Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar. |
| 22 |
| Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi. |
| 23 |
| Musa Rebbe: «Adamlar Sinaý dagyna çykyp bilmezler, çünki bize dagyň daşyna araçäk belläp, ony mukaddeslemegi Seniň Özüň tabşyrdyň ahyry» diýdi. |
| 24 |
| Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi. |
| 25 |
| Şeýlelikde, Musa aşak düşüp, adamlara ähli zady gürrüň berdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/019.mp3
40
19