Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Şu hökümleri ysraýyllara ýetir: |
| 2 |
| Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar. |
| 3 |
| Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider. |
| 4 |
| Eger hojaýyny guluna aýal alyp berse we ondan ogul-gyz dogulsa, onuň aýaly, çagalary hojaýyna degişli bolup galar-da, guluň ýeke özi gider. |
| 5 |
| [5-6] Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder». |
| 6 |
| 7 |
| «Bir adam öz gyzyny gyrnak edip satsa, ol gyrnak azatlyga guluň çykyşy ýaly çykyp bilmez. |
| 8 |
| Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr. |
| 9 |
| Eger hojaýyn ol gyrnagy ogluna gelinlik saýlasa, ol ony öz gyzy ýaly görmelidir. |
| 10 |
| Eger hojaýyn özüne başga aýal edinse, ol birinji aýalyny hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldir. |
| 11 |
| Eger hojaýyn oňa şu üç zady etmese, ol aýal hiç zat tölemezden, azatlyga çykyp biler». |
| 12 |
| «Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin. |
| 13 |
| Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler. |
| 14 |
| Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň. |
| 15 |
| Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin. |
| 16 |
| Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin. |
| 17 |
| Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin. |
| 18 |
| [18-19] Iki adam dawalaşyp, biri beýlekisini daş bilen ýa-da ýumruk bilen ursa, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, soňra ol ýene-de aýak üstüne galyp, pişegiň kömegi bilen içeri-daşary girip-çykyp bilse, ony uran adam jezasyz galsyn. Ýöne ol onuň ýitiren wagty üçin tölesin we gowy gutulýança oňa seretsin. |
| 19 |
| 20 |
| Kim guluny ýa-da gyrnagyny taýak bilen ursa, urlan hem onuň elinden ölse, uran jezalandyrylmalydyr. |
| 21 |
| Emma ol gul ýa-da gyrnak birki gün ölmän ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däl. Çünki ol gul onuň hususy emlägidir. |
| 22 |
| Adamlar uruşýan mahaly, göwreli aýala zeper ýetip, çagasy düşse, ýöne başga hiç hili zyýan etmese, oňa azar ýetiren adam ol aýalyň äriniň talap eden zatlaryny kazylaryň tassyklan möçberinde jerime tölemeli. |
| 23 |
| Eger oňa başga bir ömür howply zyýan ýeten bolsa, onda jan ýerine jan almak bilen; |
| 24 |
| göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen; |
| 25 |
| ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, gök ýerine gök salmak bilen jeza berilsin. |
| 26 |
| Hojaýyn guluny ýa-da gyrnagyny urup, gözüni kör etse, gözüniň öwezine ony azat etsin. |
| 27 |
| Eger-de kim guluny ýa-da gyrnagyny urup, dişini döwse, döwlen dişiň öwezine ony azat etsin». |
| 28 |
| «Eger bir öküz bir erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda ol öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eti hem iýilmesin. Öküziň eýesi bolsa günäkär saýylmasyn. |
| 29 |
| Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, ony eýesine duýdursalar, emma ol adam şonda-da öküzine göz-gulak bolmasa we ol öküz erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eýesi bolsa ölüme höküm edilsin. |
| 30 |
| Eger öküziň eýesinden hun talap edilse, ol özünden talap edilen huny doly töläp, öz janyny gutaryp biler. |
| 31 |
| Eger gara mal oglany ýa-da gyzy süsüp öldürse, oňa garşy hem şuňa meňzeş kanun ulanylsyn. |
| 32 |
| Eger öküz guly ýa-da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin. |
| 33 |
| Bir adam çukuryň üstüni açsa ýa-da çukur gazyp üstüni örtmese we oňa öküz ýa-da eşek gaçsa, |
| 34 |
| çukury gazan adam ýetirilen zyýany tölesin. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galsyn. |
| 35 |
| Bir adamyň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, onda olar diri öküzi satyp, onuň bahasyny deň bölüşmeli. Ölen maly hem deň ikä paýlamaly. |
| 36 |
| Eger öküziň süsekdigi ozaldan belli bolup, ony eýesine duýdursalar, eýesi şonda-da oňa göz-gulak bolmasa, ol öküziň öwezine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galmalydyr». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/021.mp3
40
21