Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly. |
| 2 |
| Eger ogurlanan mal ogrynyň emläginiň içinden diri tapylsa, ol isle öküz bolsun, isle eşek ýa-da goýun bolsun, ogry onuň üçin iki esse tölemelidir. |
| 3 |
| [3-4] Eger ogry gije öý ýarýan pursady tutulsa we urlup öldürilse, ony öldüren adam ganhor hasaplanmaýar. Emma bu gündiz bolup geçse, onda ony öldüren adam ganhor hasaplanýar. |
| 4 |
| 5 |
| Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly. |
| 6 |
| Ýandaga düşen ot tutaşyp, desselenip goýlan ýa-da ösüp oturan bugdaý ýa-da ekin meýdany ýansa, onda ýangyny döreden adam ýetirilen zyýany doly tölemelidir. |
| 7 |
| Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin. |
| 8 |
| Eger ogry tapylmasa, öý eýesi öz goňşusynyň zatlaryna el urandygyny ýa-da urmandygyny mälim etmek üçin, Hudaýyň huzuryna getirilsin. |
| 9 |
| Her bir emläk baradaky jedelde, ol öküz, eşek, goýun bolsun ýa-da geýim-gejim bolsun, her bir ýiten mal-gara ýa-da zat üçin biri: „Bu meniňki“ diýip dawa etse, şeýle ýagdaýda iki tarap hem Hudaýyň öňüne gelsin. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol öz goňşusyna iki esse jerime tölemeli. |
| 10 |
| Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse, |
| 11 |
| goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl. |
| 12 |
| Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir. |
| 13 |
| Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl. |
| 14 |
| Eger bir adam goňşusynyň malyny wagtlaýyn sorap alandan soňra ýanynda eýesi ýok wagty ol mal ýaralansa ýa-da ölse, maly sorap alan adam onuň bahasyny doly tölemelidir. |
| 15 |
| Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir». |
| 16 |
| «Eger-de bir adam özüne adagly bolmadyk boý gyzyň başyny aýlap, oňa ýanaşsa, galyň töläp, oňa öýlensin. |
| 17 |
| Emma atasy gyzyny oňa bermäge çürt-kesik garşy bolsa, onda ol adam boý gyz üçin berilýän galyňyň nyrhyny tölemelidir. |
| 18 |
| Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň. |
| 19 |
| Kimde-kim haýwanlar bilen ýanaşsa, ol ölüme höküm edilsin. |
| 20 |
| Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin. |
| 21 |
| Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz. |
| 22 |
| Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. |
| 23 |
| Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin. |
| 24 |
| Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar. |
| 25 |
| Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň. |
| 26 |
| Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. |
| 27 |
| Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin. |
| 28 |
| Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme. |
| 29 |
| Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň. |
| 30 |
| Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň. |
| 31 |
| Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/022.mp3
40
22