Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme. |
| 2 |
| Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme. |
| 3 |
| Dawada garybyň-da tarapyny çalma. |
| 4 |
| Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber. |
| 5 |
| Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et. |
| 6 |
| Dawada garyba adalatsyzlyk etme. |
| 7 |
| Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn. |
| 8 |
| Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder. |
| 9 |
| Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz». |
| 10 |
| «Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň. |
| 11 |
| Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň. |
| 12 |
| Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar. |
| 13 |
| Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn». |
| 14 |
| «Ýylda üç sapar Meniň şanyma baýram ediň: |
| 15 |
| Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin. |
| 16 |
| Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. |
| 17 |
| Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Men — Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler. |
| 18 |
| Maňa gurbanlyk üçin öldürýän malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn. |
| 19 |
| Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň». |
| 20 |
| «Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin. |
| 21 |
| Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler. |
| 22 |
| Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn. |
| 23 |
| Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin. |
| 24 |
| Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň. |
| 25 |
| Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn. |
| 26 |
| Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin. |
| 27 |
| Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin. |
| 28 |
| Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn. |
| 29 |
| Ýer boş galmaz ýaly we ýyrtyjy haýwanlar garşyňyza köpelmez ýaly, Men duşmanlaryňyzy siziň öňüňizden bir ýylyň dowamynda kowjak däl. |
| 30 |
| Siz köpelip, ýeri eýeleýänçäňiz, Men olary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn. |
| 31 |
| Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň. |
| 32 |
| Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň. |
| 33 |
| Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/023.mp3
40
23