Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň. |
| 2 |
| Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, halk hatda daga-da aýak basmasyn» diýdi. |
| 3 |
| Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi. |
| 4 |
| Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi. |
| 5 |
| Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklar beren we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklaryny beren ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy. |
| 6 |
| Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi. |
| 7 |
| Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler. |
| 8 |
| Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. |
| 9 |
| Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy. |
| 10 |
| Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy. |
| 11 |
| Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler. |
| 12 |
| Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek». |
| 13 |
| Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady. |
| 14 |
| Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz». |
| 15 |
| Soňra Musa daga çykdy. Bulut dagy gaplady. |
| 16 |
| Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy. |
| 17 |
| Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi. |
| 18 |
| Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/024.mp3
40
24