Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. |
| 2 |
| Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun. |
| 3 |
| Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn. |
| 4 |
| Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin. |
| 5 |
| Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin. |
| 6 |
| Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar». |
| 7 |
| «Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar. |
| 8 |
| Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun. |
| 9 |
| Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň. |
| 10 |
| Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň». |
| 11 |
| «Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar. |
| 12 |
| Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun. |
| 13 |
| Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň. |
| 14 |
| Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň». |
| 15 |
| « Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat. |
| 16 |
| Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun. |
| 17 |
| Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin. |
| 18 |
| Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap, |
| 19 |
| şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun. |
| 20 |
| Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň. |
| 21 |
| Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden dabany bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban bejert. |
| 22 |
| Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň. |
| 23 |
| Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň. |
| 24 |
| Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin. |
| 25 |
| Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden dabany bolsun». |
| 26 |
| «Akasiýa agajyndan syryklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş syryk, |
| 27 |
| beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar. |
| 28 |
| Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän syryk çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir. |
| 29 |
| Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Syryklary hem altyna gaplat. |
| 30 |
| Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur». |
| 31 |
| « Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. |
| 32 |
| Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany daban hem ýasaň. |
| 33 |
| Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. |
| 34 |
| Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý. |
| 35 |
| Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Çyradany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý. |
| 36 |
| Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. |
| 37 |
| Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bürünçden bäş sany daban ýasat». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/026.mp3
40
26