«Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun.
Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.
Haýadyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört dabany bolsun.
Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun».