Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler. |
| 2 |
| Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik. |
| 3 |
| Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler. |
| 4 |
| Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde, |
| 5 |
| altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr mata ulansynlar». |
| 6 |
| «Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler. |
| 7 |
| Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin. |
| 8 |
| Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin. |
| 9 |
| Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz. |
| 10 |
| Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz. |
| 11 |
| Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt. |
| 12 |
| Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin. |
| 13 |
| Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa. |
| 14 |
| Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit». |
| 15 |
| «Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik. |
| 16 |
| Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun. |
| 17 |
| Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; |
| 18 |
| ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz; |
| 19 |
| üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; |
| 20 |
| dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn. |
| 21 |
| Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn. |
| 22 |
| Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa. |
| 23 |
| Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak. |
| 24 |
| Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir. |
| 25 |
| Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efodyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit. |
| 26 |
| Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efodyň içki gatyna dak. |
| 27 |
| Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin. |
| 28 |
| Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar. |
| 29 |
| Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn. |
| 30 |
| Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer». |
| 31 |
| «Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik. |
| 32 |
| Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla. |
| 33 |
| Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun. |
| 34 |
| Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin. |
| 35 |
| Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňjagazlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez. |
| 36 |
| Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz. |
| 37 |
| Bu bezegi gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit. |
| 38 |
| Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar». |
| 39 |
| «Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik». |
| 40 |
| «Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik. |
| 41 |
| Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et. |
| 42 |
| Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara nepis zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik. |
| 43 |
| Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/028.mp3
40
28