Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi. |
| 2 |
| Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi. |
| 3 |
| Musa: «Bu geň zady ýakynrak baryp göreýin-le, näme üçin çaly otda ýanmaýarka?» diýdi. |
| 4 |
| Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Men bärde» diýip jogap berdi. |
| 5 |
| Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! |
| 6 |
| Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy. |
| 7 |
| Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin. |
| 8 |
| Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda — kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak. |
| 9 |
| Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm. |
| 10 |
| Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna ibereýin» diýdi. |
| 11 |
| Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi. |
| 12 |
| Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi. |
| 13 |
| Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi. |
| 14 |
| Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi. |
| 15 |
| Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn. |
| 16 |
| Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt. |
| 17 |
| Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber. |
| 18 |
| Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň. |
| 19 |
| Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin. |
| 20 |
| Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer. |
| 21 |
| Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar. |
| 22 |
| Her bir ysraýyl aýaly müsürli goňşusyndan we öz öýünde ýaşaýan müsürli aýaldan altyn-kümüş şaý-sepler we geýim-gejimler sorap alarlar. Siz olary ogul-gyzlaryňyza dakarsyňyz we olary geýindirersiňiz. Siz müsürlileriň baýlyklaryny talap gaýdarsyňyz». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/003.mp3
40
3