Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler. |
| 2 |
| Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi. |
| 3 |
| Şeýlelikde, olaryň hemmesi gulaklaryndan altyn halkalaryny aýryp, Haruna getirip berdiler. |
| 4 |
| Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Halk muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler. |
| 5 |
| Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasady we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi. |
| 6 |
| Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar. |
| 7 |
| Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy. |
| 8 |
| Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler». |
| 9 |
| Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. |
| 10 |
| Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi. |
| 11 |
| Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? |
| 12 |
| Näme üçin müsürliler: „ Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. |
| 13 |
| Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň». |
| 14 |
| Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi. |
| 15 |
| Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy. |
| 16 |
| Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy. |
| 17 |
| Ýeşuwa halkyň gygyryşýan gykylygyny eşidip, Musa: «Düşelgeden urşuň sesi gelýär» diýdi. |
| 18 |
| Emma Musa: «Bu ses ýeňijileriň sesem däl, ýeňlenleriňki hem däl. Bu eşidýänimiz aýşy-eşretiň sesidir!» diýdi. |
| 19 |
| Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy. |
| 20 |
| Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi. |
| 21 |
| Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi. |
| 22 |
| Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä. |
| 23 |
| Olar maňa: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler. |
| 24 |
| Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi. |
| 25 |
| Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler. |
| 26 |
| Soňra Musa düşelgäniň girelgesinde durup: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýdi. Ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. |
| 27 |
| Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi. |
| 28 |
| Lewiler Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Şol gün üç müňe golaý adam heläk boldy. |
| 29 |
| Musa lewilere: «Şu gün siz Rebbiň gullugyna bellendiňiz. Her biriňiz öz ogluňyzy we garyndaşyňyzy öldürip, bu gün siziň özüňiz ýalkandyňyz» diýdi. |
| 30 |
| Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi. |
| 31 |
| Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi. |
| 32 |
| Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi. |
| 33 |
| Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn. |
| 34 |
| Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi. |
| 35 |
| Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/032.mp3
40
32