Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň. |
| 2 |
| Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn. |
| 3 |
| Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi. |
| 4 |
| Halk bu ýakymsyz sözleri eşidip ýas tutdy, hiç kim şaý-sep dakynmady. |
| 5 |
| Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi. |
| 6 |
| Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep dagyndan çykyp gaýtdylar. |
| 7 |
| Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi. |
| 8 |
| Musa her gezek çadyra tarap ýörän wagty, ähli halk ýerinden turup, dik durardy. Musa tä çadyryň içine girýänçä, olaryň hersi öz çadyrlarynyň girelgesinde, onuň yzyndan seredip durardylar. |
| 9 |
| Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi. |
| 10 |
| Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler. |
| 11 |
| Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy. |
| 12 |
| Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň. |
| 13 |
| Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr». |
| 14 |
| Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi. |
| 15 |
| Musa hem Oňa: «Eger Sen biziň bilen gitmeseň, onda bizi bu ýerden gitmeli etme. |
| 16 |
| Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň Ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi. |
| 17 |
| Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi. |
| 18 |
| Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi. |
| 19 |
| Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şanlylygym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin. |
| 20 |
| Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi. |
| 21 |
| Reb sözüni dowam edip: «Ine, Meniň gapdalymdaky şu gaýanyň üstünde dur. |
| 22 |
| Meniň şöhratym geçýänçä, Men seni gaýanyň jaýrygynda goýjak we Men geçýänçäm, seni elim bilen büräp duraryn. |
| 23 |
| Soňra Men elimi aýraryn welin, sen Meniň arkamy görüp bilersiň. Emma Meniň ýüzüm görülmeli däldir» diýdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/033.mp3
40
33