Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler |
| 2 |
| Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy. |
| 3 |
| Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler. |
| 4 |
| Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi. |
| 5 |
| Olar Musa: «Rebbiň bize buýran işini etmekde, halk zatlary gereginden artyk getirýär» diýdiler. |
| 6 |
| Şonuň üçin hem Musa düşelgäniň içine şeýle buýruk bilen: «Mundan beýläk bir erkek ýa-da aýal mukaddes öý üçin sadaka edip, hiç hili zat getirmesin» diýip jar çekdirdi. Şeýdip, halk sadaka getirmesini kesdi. |
| 7 |
| Çünki olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy. |
| 8 |
| Ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler. |
| 9 |
| Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeşdi. |
| 10 |
| Olar bäş perdäni bir aýry, beýleki bäş perdäni hem bir aýry edip çatdylar. |
| 11 |
| Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasadylar, ikinji bäş perdäniň iň soňkusyna-da şeýle etdiler. |
| 12 |
| Birinji toplumyň perdeleriniň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar. Ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasadylar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşendi. |
| 13 |
| Altyndan elli sany ildirgiç ýasap, perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdiler. Şeýdip, çadyr tutuş bir bitewi boldy. |
| 14 |
| Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasadylar. |
| 15 |
| Her perdäniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolup, on bir perdäniň-de ölçegini bir meňzeş etdiler. |
| 16 |
| Perdeleriň bäşisini bir aýry çatyp, galan altysyny hem bir aýry çatdylar. |
| 17 |
| Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler. |
| 18 |
| Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasap, olary halkadan geçirip, çadyry birleşdirdiler. Şonda çadyr tutuş bir bitewi boldy. |
| 19 |
| Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaldy we onuň üstüni örtmäge saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasadylar. |
| 20 |
| Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasadylar. |
| 21 |
| Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek boldy. |
| 22 |
| Çarçuwalary biri-biri bilen sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk dikdiler. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edildi. |
| 23 |
| Mukaddes çadyryň çarçuwalaryny şeýle ýasadylar: onuň günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasaldy. |
| 24 |
| Ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban ýasaldy. |
| 25 |
| Çadyryň ikinji tarapy bolan demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaldy. |
| 26 |
| Olara hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasadylar. |
| 27 |
| Çadyryň arka tarapy bolan günbatar tarapy üçin, alty çarçuwa ýasaldy. |
| 28 |
| Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaldy. |
| 29 |
| Olar aşakdan we ýokardan şol bir halka birleşdirlendi. Olaryň ikisi-de şeýle edilip, olar iki burçy emele getirdiler. |
| 30 |
| Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden daban ýasadylar. |
| 31 |
| Mukaddes çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin akasiýa agajyndan bäş sany syryk ýasadylar. |
| 32 |
| Çadyryň beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasadylar. |
| 33 |
| Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýagyny çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçirdiler. |
| 34 |
| Çarçuwalary altyna gaplap, syryklary saklar ýaly, altyndan halkalar ýasadylar. Syryklar hem altyna gaplandy. |
| 35 |
| Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler. |
| 36 |
| Perdäni asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasaldy. Olary altyn bilen gaplap, olara altyndan ildirgiçler we kümüşden dört sany daban ýasadylar. |
| 37 |
| Şeýle hem, olar çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan perde ýasadylar. Ony keşde bilen nagyşladylar. |
| 38 |
| Bu perde üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, onuň ýokarky örtüklerini we sütünlerini altyna gapladylar. Olaryň ildirgiçlerini hem altyndan edip, olara bürünçden bäş sany daban ýasadylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/036.mp3
40
36