Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler. |
| 2 |
| Besalel efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi. |
| 3 |
| Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular. |
| 4 |
| Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbag tikip, ony hem berkitdiler. |
| 5 |
| Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efodyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler. |
| 6 |
| Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar. |
| 7 |
| Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efodyň eginbagyna dakdy. |
| 8 |
| Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efodyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi. |
| 9 |
| Gursakçany iki gat edip, inini boýuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi. |
| 10 |
| Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; |
| 11 |
| ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz; |
| 12 |
| üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; |
| 13 |
| dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy. |
| 14 |
| Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy. |
| 15 |
| Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy. |
| 16 |
| Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi. |
| 17 |
| Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi. |
| 18 |
| Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efodyň öň tarapyndaky eginbaglaryna berkitdi. |
| 19 |
| Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efodyň iç gatyna dakdy. |
| 20 |
| Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi. |
| 21 |
| Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy. |
| 22 |
| Besalel efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi. |
| 23 |
| Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady. |
| 24 |
| Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy. |
| 25 |
| Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş etegine dakdy. |
| 26 |
| Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş etegine dakyldy. |
| 27 |
| Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler |
| 28 |
| Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler. |
| 29 |
| Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi. |
| 30 |
| Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne «Rebbe bagyş edilen» diýen sözleri oýup ýazdy. |
| 31 |
| Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy. |
| 32 |
| Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar. |
| 33 |
| Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary sütünleri we olary saklaýan dabanlary; |
| 34 |
| goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty; |
| 35 |
| Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy, |
| 36 |
| hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi; |
| 37 |
| yşyk üçin sap çyradan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; |
| 38 |
| altyndan edilen sypany, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; |
| 39 |
| bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; |
| 40 |
| haýadyň perdeleri, sütünleri we dabanlary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar. |
| 41 |
| Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi. |
| 42 |
| Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler. |
| 43 |
| Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirlendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/039.mp3
40
39