Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „ Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi. |
| 2 |
| Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi. |
| 3 |
| Reb: «Ony ýere taşla» diýdi. Musa ony ýere taşlady, ol hasa ýylana öwrüldi. Şonda Musa ondan gaçyp başlady. |
| 4 |
| Emma Reb Musa: «Eliňi uzat-da, onuň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ony tutan badyna, ýylan onuň elinde öňküsi ýaly hasa öwrüldi. |
| 5 |
| Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi. |
| 6 |
| Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy. |
| 7 |
| Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi. |
| 8 |
| Hudaý: «Eger olar saňa ynanmasalar ýa-da birinji görkezen alamatyňa ikirjiňlenseler, belki, olar seniň görkezen şu ikinji alamatyňa ynanarlar. |
| 9 |
| Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi. |
| 10 |
| Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi. |
| 11 |
| Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme? |
| 12 |
| Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. |
| 13 |
| Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi. |
| 14 |
| Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: « Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener. |
| 15 |
| Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin. |
| 16 |
| Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň. |
| 17 |
| Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi. |
| 18 |
| Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi. |
| 19 |
| Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gaýdyber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi. |
| 20 |
| Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy. |
| 21 |
| Reb Musa şeýle diýdi: Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez. |
| 22 |
| Siz bolsa faraona şeýle diýiň: «Reb saňa: „ Ysraýyl Meniň nowbahar oglum. |
| 23 |
| Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber“ diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin». |
| 24 |
| Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar. |
| 25 |
| Emma Sypora çakmakdaşdan edilen pyçagy alyp, oglunyň ujydynyň pürçügini kesýär-de, ony Musanyň aýagyna degirýär we oňa: «Hakykatdan-da, sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýýär. |
| 26 |
| Şundan soň Reb onuň ýanyndan aýrylýar. Sypora «Sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýip, sünnet sebäpli aýtdy. |
| 27 |
| Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady. |
| 28 |
| Soňra Musa Haruna Rebbiň oňa aýt diýip iberen zatlarynyň hemmesini aýtdy. Rebbiň oňa ýerine ýetirmeli diýip buýran ähli gudratly alamatlary hakynda hem gürrüň berdi. |
| 29 |
| Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar. |
| 30 |
| Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi. |
| 31 |
| Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/004.mp3
40
4