Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: « Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“». |
| 2 |
| Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi. |
| 3 |
| Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe sadaka bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler. |
| 4 |
| Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň. |
| 5 |
| Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi. |
| 6 |
| Şol günüň özünde faraon gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi: |
| 7 |
| «Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar. |
| 8 |
| Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza sadaka bereli“ diýşip gygyryşýarlar. |
| 9 |
| Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar». |
| 10 |
| Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Faraon şeýle diýýär: „Men size saman berjek däl. |
| 11 |
| Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir“» diýdiler. |
| 12 |
| Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar. |
| 13 |
| Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini berk talap edýärdiler. |
| 14 |
| Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar. |
| 15 |
| Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri faraonyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň? |
| 16 |
| Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, kerpiç guýuň diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler. |
| 17 |
| Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe sadaka bereli“ diýýärsiňiz. |
| 18 |
| Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi. |
| 19 |
| Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler. |
| 20 |
| Olar faraonyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular. |
| 21 |
| Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler. |
| 22 |
| Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň? |
| 23 |
| Seniň adyňdan faraon bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/005.mp3
40
5