Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi. |
| 2 |
| Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin. |
| 3 |
| Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym. |
| 4 |
| Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim. |
| 5 |
| Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym. |
| 6 |
| Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin. |
| 7 |
| Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Şonda sizi Müsür süteminden alyp çykanyň Mendigimi, ýagny Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz. |
| 8 |
| Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“». |
| 9 |
| Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler. |
| 10 |
| [10-11] Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy faraona aýt, goý, ol ysraýyllara Müsür ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi. |
| 11 |
| 12 |
| Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi. |
| 13 |
| Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy faraon hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy. |
| 14 |
| Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy. |
| 15 |
| Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar we kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy. |
| 16 |
| Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. |
| 17 |
| Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen. |
| 18 |
| Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi. |
| 19 |
| Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa Lewileriň nesilleri boýunça uruglary. |
| 20 |
| Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy. |
| 21 |
| Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri. |
| 22 |
| Uzyýel ogullary: Mişaýyl, Elsapan we Sitri. |
| 23 |
| Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. |
| 24 |
| Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr. |
| 25 |
| Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ine, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr. |
| 26 |
| Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady. |
| 27 |
| Ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy faraon bilen gepleşenler hem şular — Musa bilen Harundy. |
| 28 |
| Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi. |
| 29 |
| Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi. |
| 30 |
| Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/006.mp3
40
6