Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar. |
| 2 |
| Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar. |
| 3 |
| Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de, |
| 4 |
| faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn. |
| 5 |
| Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Meniň Rebdigime göz ýetirerler». |
| 6 |
| Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler. |
| 7 |
| Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady. |
| 8 |
| Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip: |
| 9 |
| «Eger faraon size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa, sen Haruna: „Hasaňy al-da, faraonyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi. |
| 10 |
| Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi. |
| 11 |
| Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. |
| 12 |
| Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy. |
| 13 |
| Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy. |
| 14 |
| Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär. |
| 15 |
| Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al. |
| 16 |
| Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň. |
| 17 |
| Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. |
| 18 |
| Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“». |
| 19 |
| Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi. |
| 20 |
| Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi. |
| 21 |
| Nildäki balyklar ölüp, derýa porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýaldy. |
| 22 |
| Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi. |
| 23 |
| Faraon yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, ol muny hatda piňine-de almady. |
| 24 |
| Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar. |
| 25 |
| Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/007.mp3
40
7