Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’. |
| 2 |
| Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň, |
| 3 |
| onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer. |
| 4 |
| Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi. |
| 5 |
| Şeýle hem Reb bu işi Müsürde ertir etjekdigini aýdyp, onuň wagtyny mälim etdi. |
| 6 |
| Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi. |
| 7 |
| Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi. |
| 8 |
| Soňra Reb Musa bilen Haruna: «Küreden goşawujyňyzy dolduryp kül alyň. Goý, Musa ony faraonyň öňünde göge seçsin. |
| 9 |
| Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi. |
| 10 |
| Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, faraonyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi. |
| 11 |
| Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi. |
| 12 |
| Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady. |
| 13 |
| Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. |
| 14 |
| Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. |
| 15 |
| Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim. |
| 16 |
| Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün. |
| 17 |
| Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň. |
| 18 |
| Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda asla görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn. |
| 19 |
| Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“». |
| 20 |
| Faraonyň emeldarlarynyň arasynda Rebbiň sözünden gorkýanlary meýdandaky gullaryny we mallaryny derrew içeri ýygnadylar. |
| 21 |
| Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar. |
| 22 |
| Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi. |
| 23 |
| Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy. |
| 24 |
| Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy. |
| 25 |
| Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy. |
| 26 |
| Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady. |
| 27 |
| Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry. |
| 28 |
| Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi. |
| 29 |
| Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň. |
| 30 |
| Emma seniň we emeldarlaryňyň entek hem Hudaýymyz Rebden gorkmaýandyklaryny men bilýärin» diýdi. |
| 31 |
| (Zygyr we arpa weýran boldy. Arpa gulak çykaryp otyrdy, zygyr bolsa pyntyklapdy. |
| 32 |
| Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.) |
| 33 |
| Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi. |
| 34 |
| Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler. |
| 35 |
| Şeýdip, faraon öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/exodus/009.mp3
40
9