|
| 1 |
|
| Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir, käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr. |
|
| 2 |
|
| Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir. |
|
| 3 |
|
| Adam erbetlik bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz. |
|
| 4 |
|
| Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder. |
|
| 5 |
|
| Dogruçylyň pikiri adyldyr, erbetleriň maslahaty haýynlykdyr. |
|
| 6 |
|
| Erbetleriň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder. |
|
| 7 |
|
| Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr. |
|
| 8 |
|
| Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar. |
|
| 9 |
|
| Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan, gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr. |
|
| 10 |
|
| Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, erbetleriň rehimi hem zalymlykdyr. |
|
| 11 |
|
| Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar, boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr. |
|
| 12 |
|
| Erbetler ýamanlaryň oljasyny isleýär, dogruçyllaryň bolsa köki ösýär. |
|
| 13 |
|
| Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar. |
|
| 14 |
|
| Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar. |
|
| 15 |
|
| Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär. |
|
| 16 |
|
| Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr. |
|
| 17 |
|
| Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany. |
|
| 18 |
|
| Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir. |
|
| 19 |
|
| Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr. |
|
| 20 |
|
| Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar. |
|
| 21 |
|
| Dogruçyl adama hiç bela gelmez, erbetleriň başy beladan gutulmaz. |
|
| 22 |
|
| Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr. |
|
| 23 |
|
| Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýär. |
|
| 24 |
|
| Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider. |
|
| 25 |
|
| Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar. |
|
| 26 |
|
| Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir, erbetleriň ýoly bolsa azaşdyrýandyr. |
|
| 27 |
|
| Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez, gaýratly bolsa gymmatly hazyna. |
|
| 28 |
|
| Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur. |
|
|
|
|