|
| 1 |
|
| Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur. |
|
| 2 |
|
| Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir. |
|
| 3 |
|
| Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr. |
|
| 4 |
|
| Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr. |
|
| 5 |
|
| Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr. |
|
| 6 |
|
| Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr. |
|
| 7 |
|
| Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir, erbet bolsa şu meselä düşünýänem däldir. |
|
| 8 |
|
| Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler. |
|
| 9 |
|
| Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez. |
|
| 10 |
|
| Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr. |
|
| 11 |
|
| Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr, akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir. |
|
| 12 |
|
| Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary erbet bolar. |
|
| 13 |
|
| Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär. |
|
| 14 |
|
| Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar. |
|
| 15 |
|
| Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr. |
|
| 16 |
|
| Erbetler güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir, dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler. |
|
| 17 |
|
| Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar. |
|
| 18 |
|
| Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr. |
|
| 19 |
|
| Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir, çünki düşünse-de gulak asmaz. |
|
| 20 |
|
| Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür. |
|
| 21 |
|
| Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar. |
|
| 22 |
|
| Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir. |
|
| 23 |
|
| Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr. |
|
| 24 |
|
| Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär. |
|
| 25 |
|
| Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr. |
|
| 26 |
|
| Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr. |
|
| 27 |
|
| Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir. |
|
|
|
|