|
| 1 |
|
| Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri. |
|
| 2 |
|
| Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum? |
|
| 3 |
|
| Güýjüňi hem ýollaryňy patyşalary heläkleýän aýallara berme. |
|
| 4 |
|
| Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, çakyr hökümdarlara gelişmez. |
|
| 5 |
|
| Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar, ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar. |
|
| 6 |
|
| Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin. |
|
| 7 |
|
| Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn. |
|
| 8 |
|
| Agzyňy dilsizler üçin, hossarsyzlaryň haky üçin açgyn. |
|
| 9 |
|
| Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar, garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber. |
|
| 10 |
|
| Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr. |
|
| 11 |
|
| Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, hiç zada mätäç bolmaz. |
|
| 12 |
|
| Ol ärine ýamanlyk däl-de, bütin ömrüne ýagşylyk edýändir. |
|
| 13 |
|
| Ýüňi we zygyry saýlaýandyr, elleri höwes bilen işleýändir. |
|
| 14 |
|
| Ol söwda gämileri ýaly, içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir. |
|
| 15 |
|
| Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir. |
|
| 16 |
|
| Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr, eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr. |
|
| 17 |
|
| Bilini berk guşap, gollaryna güýjüni toplaýandyr. |
|
| 18 |
|
| Harydynyň peýdasyny bilýändir, çyrasy gijesine-de sönýän däldir. |
|
| 19 |
|
| Elini çarha goýýandyr, barmaklary igi tutýandyr. |
|
| 20 |
|
| Garyba eli açykdyr, mätäje elini uzadýandyr. |
|
| 21 |
|
| Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki bütin içerisi galyň geýinýändir. |
|
| 22 |
|
| Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr. |
|
| 23 |
|
| Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr. |
|
| 24 |
|
| Keteniden lybaslar tikip satýandyr, söwdagärlere guşaklar eltip berýändir. |
|
| 25 |
|
| Güýç hem hormat onuň lybasydyr. Geljege seredip guwanýandyr. |
|
| 26 |
|
| Danalyk bilen sözleýändir, dilinde oňat öwütler bardyr. |
|
| 27 |
|
| Içerisiniň işlerine oňat seredýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir. |
|
| 28 |
|
| Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr, äri hem turup, ony taryplaýandyr: |
|
| 29 |
|
| «Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň». |
|
| 30 |
|
| Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr. |
|
| 31 |
|
| Elleriniň miwesini oňa beriň, goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün. |
|
|
|
|