Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin. Ýigit: |
| 2 |
| Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde. Gyz: |
| 3 |
| Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez. |
| 4 |
| Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda. |
| 5 |
| Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady. |
| 6 |
| Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen. |
| 7 |
| Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! |
| 8 |
| Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär. |
| 9 |
| Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär. |
| 10 |
| Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli. |
| 11 |
| Gyş ötdi, ýagyş-da diňdi. |
| 12 |
| Ýerde güller açylyp, nagma pursady geldi. Ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär. |
| 13 |
| Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli». Ýigit: |
| 14 |
| Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr. Gyz: |
| 15 |
| Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar. |
| 16 |
| Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol. |
| 17 |
| Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol! |
| Bellikleri ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/songofsolomon/002.mp3
8
2